Yragyň Ýokary kazyýeti “sesleriň el bilen gaýtadan sanalmagy” baradaky karary ýerlikli diýip tapdy

Kazyýetiň başlygy Mithat Mahmut: “Mejlisiň sesleriň el bilen gaýtadan sanalmagy barada kabul eden karary konstitutsiýa ters däl, ýerlikli” diýdi

996632
Yragyň Ýokary kazyýeti “sesleriň el bilen gaýtadan sanalmagy” baradaky karary ýerlikli diýip tapdy

Mahmut mejlisiň galplyk edilendigi sebäpli daşary ýurtlardaky saýlawçylar we bosgunlar bilen bilelikde Kürt awtanomiýasyndaky howpsyzlyk güýçleriniň beren sesleriniň bes edilmegi baradaky kararynyň konstitutsiýa bap gelmeýändigini, ony bes edendiklerini aýtdy.

Kazyýet şeýle-de mejlisiň Yragyň Ýokary saýlaw komissariatynyň agzalaryny wezipeden boşadyp, olaryň ýerine sesleriň el bilen sanalma möhletinde işlejek kazylaryň bellenmegini hem dogry diýip tapdy.

Yragyň Mejlisi gaplyk edilendigi sebäpli 12-nji maýda geçirilen saýlawyň netijeleriniň el bilen gaýtadan sanalmagy, daşary ýurtlardaky saýlawçylaryň we bosgunlaryň ýaşaýan ýerleri bilen Kürt awtanomiýasynda howpsyzlyk güýçleriniň sesleriniň bes edilmegi barada karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar