Salihi Ýewropa ýurtlarynyň başlangyçlaryny ýeterlik däldigini beýan etdi

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň Başlygy Ali Akbar Salihi ABŞ-nyň Ýadro ylalaşygyndan çekilmeginden soň ylalaşygy dowam etdirmek üçin Ýewropa ýurtlarynyň edýän başlangyçlarynyň ýeterlik däldigini aýtdy

995820
Salihi Ýewropa ýurtlarynyň başlangyçlaryny ýeterlik däldigini beýan etdi

Salihi BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterreş bilen Norwegiýanyň paýtatgty Osloda duşuşdy.

Salihi duşuşykda ABŞ-nyň kararyndan soň ylalaşyga tarap bolup durýan Ýewropa ýurtlary; Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa tarapyndan ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin edilen teklipleriň Eýranyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmandygyny beýan etdi.

Salihi ABŞ-nyň bir taraplyo bank we maliýe sanksiýalary sebäpli ýurdunyň ýadro ylalaşygyndan garaşylýan netijäni alyp bilmändigini nygtap, BMG bilen Ýewropa ýurtlaryna ylalaşygyň dowam etmegi üçin aýgytly ädimleri ätmegini isledi.

BMG- niň baş Sekretary Antoniu Guterreş bolsa ýado ylalaşygynyň sebitleýin we global durnuklylygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini beýan etdi.

Guterreş ýadro ylalaşygynyň dowam etdirilmegi üçin ylalaşyga tarap bolup durýan ABŞ-dan beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen gepleşiklerini dowam etdirjekdigini aýtdy.


Etiketkalar: #ABŞ , #Eýran , #BMG

Degişli Habarlar