Hindistanda ýyldyrymyň çakmagy sebäpli 10 adam ýogaldy

Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda ýyldyrymyň çakmagy sebäpli 10 adam ýogaldy

991971
Hindistanda ýyldyrymyň çakmagy sebäpli 10 adam ýogaldy

Şinhua habarlar agentligi Günbatar Bengal welaýatynyň Bankura, Hooghly, West Midnapore, Birbhum we Parganas diýilen ýerlerde ýyldyrymyň çakmagy sebäpli şeýle hem köp adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 

Beýleki tarapdan aşa ýagan ýagyşlar Kalkutta şäherinde siliň eme gelmegine we otly gatnawlarynyň bökdenmegine sebäp boldy. 

Meteorologiýa gullugynyň resmileri aşa ýagan ýagyşlaryň dowam etmegine garaşýandyklaryny habar berdiler. 

 



Degişli Habarlar