BMG-de palestina halkynyň goralmagyny talap eden karar taslamasy kabul edildi

Türkiýäniň tagallasynyň we Alžiriň goldaw bermegi netijesinde Palestina taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-nyň Baş Assambleýasynda ýörite maslahat geçirildi

992237
BMG-de palestina halkynyň goralmagyny talap eden karar taslamasy kabul edildi

BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirilen maslahatda ABŞ tarapyndan BMG-niň Howpsyzlyk geňeşinde weto edilen, palestinanyň halkynyň goralmagyny talap edýän karar taslamasy ýaňadandan ara alynyp maslahatlaşyldy we sese goýuldy.  

Karar taslamasy 120 ýurdyň sesi bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynda kabul edildi. Karara 8 ýurt garşy boldy, 45 ýurt bolsa ses bermekden saklandy. Karara garşy bolan ýurtlaryň arasynda ABŞ, Ysraýyl, Awstraliýa, Marşal adalary, Nauru, Togo, Solomon adalary, Mikroneziýa Federatiw döwletleri ýaly ýurtlar bar.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas kanun taslamasynyň kabul edilmegini “Adalat we halkara hukuk üçin bir ýeňiş” hökmünde häsýetlendirdi.

BMG-niň Baş sekretaryndan 60 günüň dowamynda palestinanyň halkynyň howpsyzlygy üçin ediljek işleri öz düzüminde jemleýän hasabatyň islenen kararda Ysraýylyň aşa güýç ulanmagyny bes etmegi we Gaza garşy gabawyny bes etmegi talap edilýär.

Palestinada 30-njy martdan bäri barha artýan hüjümleriň üstünde durulyp geçilen taslamada çagalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň we metbugat işgärleriniň Ysraýylyň hüjümlerine sezewar galandygyna ünsler çekilýär.


Etiketkalar: #Palestina , #Ysraýyl , #hüjüm , #BMG

Degişli Habarlar