Putin Tramp bilen duşuşmaga taýar

“Waşington taýar bolsa Tramp bilen duşuşmakdan hoşal bolaryn”

989602
Putin Tramp bilen duşuşmaga taýar

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy.

Hytaýda geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşan Putin, Trampyň ýarag ýaryşy baradaky aladasyna düşünýändigini we bu meseläniň giň gerimli seljerilmelidigini nygtady.

“Waşington taýar bolsa Tramp bilen duşuşmakdan hoşal bolaryn” diýen Putin, Awstriýa bilen birlikde käbir ýurtlaryň duşuşyga ýer eýeçiligini etmegi teklip edendigini ýatlatdy.

Beýleki tarapdan Putin çykyşynda ABŞ-nyň Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan çekilmegini hem tankyt etdi.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ABŞ-nyň tutumyny tankyt etjekdigini aýdan Putin, kararyň sebitdäki ýagdaýy has dartgynlaşdyryp biljekdigini belledi.

Rus lideri Putin resmi Moskwanyň ýadro ylalaşygynyň çägindäki jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar