G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri Kanadada duşuşar

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen 7 ýurdundan ybarat G-7-niň liderler maslahaty ertir Kanadada geçirler

988795
G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri Kanadada duşuşar

Kanada iki gün dowam etjek G-7-niň 44-nji liderler maslahatyna ýer eýeçiligini eder.

Maslahatyň geçiriljek etrapçasynda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Ýerli wagt bilen 12.00- da resmi taýdan açyljak maslahat, günorta naharyndan soň öz işine başlar.

Maslahata G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasynyň, Halkara Pul gaznasynyň we Bütin dünýä bankynyň wekilleri bilen birlikde Argentina, Norwegiýa, Bangladeş, Senegal, Günorta Afrika we Keniýa ýaly birnäçe ýurduň döwlet ýada hökümet baştutany gatnaşar.

Maslahata şeýle hem Ýewropa Komisiýasynyň başlygy Ýunker we ÝB geňeşimiň başlygy Donald Tusk gatnaşar.

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #G-7 , #Kanada , #maslahat

Degişli Habarlar