Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryndan saplanmak isleýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan saplanmak isleýändigini aýtdy

988601
Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryndan saplanmak isleýär

Pompeo ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň 12-nji iýunda Singapurda boljakdygy duşuşygy barada Ak Tamda metbugata beýanat berdi.

Maýk Pompeo “ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň duşuşygy hakyndaky gepleşikler dowam edýär. Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan saplanmak isleýär”diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem Ak Tamda Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen boljak duşuşygy netijeli bolan halatynda Kimi Ak Tama çagyrjakdygyny aýdypdy.

 



Degişli Habarlar