Russiýanyň Daşary işler ministri ermeni kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Daglyk Karabag meselesiniň çözgüdi üçin taraplara kömek bermäge dowam etdirjekdiklerini habar berdi

988163
Russiýanyň Daşary işler ministri ermeni kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Sergeý Lawrow ermeni kärdeşi Zograb Mnatsakanýan bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Ermeni ministr bilen geçiren duşuşygynda sebitdäki howpsyzlyk we durnuklylyk meselelerini ele alandyklaryny aýdan Lawrow Daglyk Karabag meselesini hem maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Sergeý Lawrow: "Hem Ýeriwan we Baku bilen ikiçäk gatnaşyklar taýdan, hem-de Ýewropa Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň wekilleri hökmünde ABŞ-li we fransuz kärdeşlerimiz bilen Russiýa iki tarapyň hem kabul edip biljek çözgütler tapmak taýdan taraplara kömek bermäge dowam ederis" diýdi. 

 



Degişli Habarlar