Netanýahu Merkelden Eýran meselesinde goldaw alyp bilmedi

Merkel Eýran meselesinde Ysraýylyň Premýer ministrine goldaw bermedi

986083
Netanýahu Merkelden Eýran meselesinde goldaw alyp bilmedi

Germaniýada resmi saparda bolan Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Eýrana garşy berk tutum alyp barmagy meselesinde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkelden goldaw alyp bilmedi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel paýtagt Berlinde Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahuny kabul etdi.

Merkel kabul edilşikden soň beren beýanatynda Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Netanýahu bilen özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Merkel, Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygynyň bähbitli bolup bolmandygy meselesinde kärdeşiniň garaýyşlaryna goldaw bermeýändigine ünsi çeken Merkel,”Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan soň aç-açanlyk boldy. Ýogsam Eýran atom bombasyny öndürmegiň bäri ýanyna çenli gelipdi” diýdi.

Merkel Eýranyň Ýemendäki we Siriýadaky balistiki  raketa maksatnamasyny ýazgarýandygyny we Eýranyň Ysraýyla ýakyn ýerlerden çekilmegi üçin diplomatiýa taýdan tagalla etmäge dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar