Ysraýyl şol bir wagtda ähli harby merkezlerde harby türgenleşige başlady

Ysraýylyň ýaragly güýçleri şol bir wagtda ähli harby merkezlerinde harby türgenleşige başlady

985105
Ysraýyl şol bir wagtda ähli harby merkezlerde harby türgenleşige başlady

Ysraýylyň ýaragly güýçlerinden berlen ýazmaça beýanatda, “Türgenleşik birnäçe wagt ozal meýilleşdirlipdi we goşunyň harby güýjüniň ähli ähtimallyklara garşy taýarlygynyň gözden geçirilmegi meýilleşdirilýär” diýildi.

Beýanatda ýurduň günortasynda we Gaza serhedinde geçiriljek türgenleşigiň penşenbe gününe çenli dowam etjekdigi nygtaldy.

Ysraýylyň ýaragly güýçleri täze ýyldan bäri birnäçe harby türgenleşik geçiripdi we şolardan käbirine ABŞ-nyň ýaragly güýçleri hem goldaw beripdi.

Palestinalylar Toprak gününiň 42 ýyllygy mynasibetli 30-njy martdan bäri gabaw astyndaky Gaza sektorynyň Ysraýyl serhedinde parahatçylykly maksatly ýörişler geçirýär.

Ysraýylyň ýaragly güýçleri bolsa şol ýörişlere gatnaşan palestinalylara garşy aşa güýç ulanýar we Gaza, Palestinaly guramalar tarapyndan Ysraýyla raketa atylandygyy bahanasy bilen howa hüjümlerini guraýar.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş guramasyndan düýn berlen beýanatda ýörişlerde 13-i çaga, 2-i saglygy goraýjy we 2-si žurnalist bolmak bilen jemi 123 palestinalynyň Ysraýylly esgerler tarapyndan şehit edilendigi, 13 müň 672 palestinalynyň ýaralanandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar