Russiýa Hytaýa ýene-de 10 sany Su-35 uçaryny berer

“Rostek” ylalaşyga laýyklykda Hytaýa ýene-de 10 sany Su-35 uçarynyň ugradyljakdygy habar berildi

979152
Russiýa Hytaýa ýene-de 10 sany Su-35 uçaryny berer

Bu barada “Rostekiň” beýannamasynda aýdylýar

Russiýanyň goranyş senagaty firmasy “Rostek” Moskwa bilen Pekiniň arasynda gol çekişilen 2,5 milliard dollarlyk ylalaşyga laýyklykda Hytaýa üstümizdäki ýylyň dowamynda ýene-de 10 sany uzak aralyga uçýan Su-35 kysymly uçaryň ugradyljakdygyny beýan etdi.

“Rostek” bilen Hytaýyň hökümetiniň arasynda 2015-nji ýylda 24 sany uzak aralyga uçýan Su-35 uçarynyň alynmagy barada ylalaşyga gol goýulypdy. Russiýa Hytaýa 2016-njy ýylda 4 sany, 2017-nji ýylda bolsa 10 sany uçar ugradypdy.

Sankt Peterburg Ykdysady Sergisinde gol çekişilen ylalaşyk barada beýannama beren “Rostek” ylalaşyga laýyklykda Hytaýa ýene-de 10 sany Su-35 uçarynyň ugradyljakdygy habar berildi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Hytaý , #uçar

Degişli Habarlar