Tramp- Un duşuşygynyň goý bolsun edilmegine gynanç bildirýäris

Putin Russiýanyň San Peterburg şäherinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy

979002
Tramp- Un duşuşygynyň goý bolsun edilmegine gynanç bildirýäris

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Unyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň goý bolsun edilmegine gynanç bildirýändiklerini nygtady.

Putin Russiýanyň San Peterburg şäherinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

Fransuz kärdeşi bilen 4 sagat dowam eden duşuşykda Siriýa, Ukraina, Eýran we Koreýa Ýarym adasy meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşandyklaryny gürrüň beren Putin,  “Siriýada  häzirki wagtda esasy wezipe Ženewada BMG-nyň gözegçiligi astynda konstitutsiýa komitetiniň döredilmegi we Damaskyň şol komitete wekillerini ugratmagy. Siriýa  krizisiniň syýasy taýdan çözülmegi meselesine Fransiýa bilen birlikde goldaw berýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Unyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň goý bolsun edilmegi hakyndaky soraglara jogap beren Putin “ Duşuşygyň goý bolsun edilmegine gynanç bildirýäris. Duşuşygyň Koreýa Ýarymadasynda dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin öwrülşik nokady bolmagyna garaşylýardy. ABŞ bilen Demirgazyk Koreýany ýakynlaşdyrmak üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetireris”diýdi.

Rus lideri Putin ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalaryny hem tankyt etdi.

Putin “Garaşsyz ýurtlara ähli çäklendirmeler diňe BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan goýlup bilner”diýip belledi.

Russiýanyň halkara derejesinde oýnaýan roly barada öwgüli sözler aýdan Makron bolsa “ Russiýanyň Ýakyn Gündogaryň başda durmagynda halkara derejesinde uly rol oýnaýandygyny bilýäris. Halkara meseleleriň çözülmeginde Russiýanyň alyp barýan syýasatyna sarpa goýýarys. Russiýanyň hem biziň we hyzmatdaşlarymyzyň bähbitlerine sarpa goýmalydygy barada pikir edýäris. Fransiýa garaşsyz ýurt we garaşsyz kararlar kabul edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar