Owganystanda şu ýyl 100 müňden gowrak adam öýlerini terk etdi

Owganystanda şu ýylyň başyndan bäri çaknyşyklar we tebigy apatlar sebäpli 100 müňden gowrak adam öýlerini terk etdi

977291
Owganystanda şu ýyl 100 müňden gowrak adam öýlerini terk etdi

BMG-niň Ynsanperwer işler koordinasiýa býurosyndan berilen beýanatda Owganystanda 2018-nji ýylyň başyndan bäri 108 müň 440 adamyň öýlerini terk etmäge mejbur bolandygy habar berildi.

Beýanatda ýurdyň gündogaryndaky Gazna welaýatynda 10 müň adamyň, demirgazygyndaky Baglan welaýatynda bolsa 4 müňe golaý adamyň ýaşaýan ýerlerini terk edendigi mälim edildi.

Owganystanda 2017-nji ýylda 445 müň adamyň öýlerini terk etmäge mejbur galandygyny bellendi.


Etiketkalar: #Owganystan , #öý , #BMG

Degişli Habarlar