Ysraýylyň Energetika ministri Ýewropa: "Jähenneme gidiň" diýdi

Ysraýylyň Energetika ministri Ýuwal Ştaýnis ýurdyna garşy derňew geçirilmegi barada çagyryş beren Ýewropa Bileleşigine (ÝB): "Jähenneme gidiň" diýdi

977526
Ysraýylyň Energetika ministri Ýewropa: "Jähenneme gidiň" diýdi

Ýuwal Ştaýnis 2 hepde ozal 9-njy maý Ýewropa gününi belläp geçipdi we ÝB bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklary öwüpdi. 

Ysraýylyň Haaretz gazedinde berilýän habara görä Ştaýnis 14-nji maýda Ysraýyldaky Amerikan ilçihanasynyň Tel-Awiwden Iýerusalime göçürilen mahaly Gazada demonstrasiýa geçirýän palestinalylaryň 65-siniň öldürilmegi bilen bagly Ysraýyly tankyt etdi we bu ýurda garşy derňewiň geçirilmegi barada çagyryş beren Ýewropa Bileleşigine: "Müňlerçe müňlerçe Jähenneme gidiň" diýdi. 

ÝB-niň Ysraýyla basyş edýändigini aýdan Ştaýnis: "Ýewropa häzirki wagtda Eýrana gönükýär we ABŞ-niň sanksiýalaryna garamazdan Tährana kömek edýär. Eýran zenanlaryň hukuklaryny basgylaýar. Himiki ýarag öndürýän Asada we terrorizme goldaw berýär" diýdi. 

 



Degişli Habarlar