Daniýa we Şwesiýa Russiýa garşy bilelikde hereket etmek barada ylalaşdy

Daniýanyň Goranmak ministri Klaus Hort Frederiksen bilen şwesiýaly kärdeşi Peter Hultkwist özara duşuşyklarynda Russiýa garşy bilelikde hereket etmek barada ylalaşdy

976942
Daniýa we Şwesiýa Russiýa garşy bilelikde hereket etmek barada ylalaşdy

Resmi sapar bilen Daniýanyň paýtagty Kopengagene gelen Şwesiýanyň Goranmak ministri Peter Haltkwist Daniýanyň Goranmak ministri Klaus Hort Frederiksen bilen duşuşdy.

Geçirilen bilelikdäk metbugat ýygnagynda berilen beýannamada Daniýanyň we Şwesiýanyň Russiýa howpyna garşy goranyş boýunça bilelikde hereket etmek barada ylalaşdy.

Goranyş pudagynda gol çekişiljek ylalaşyklaryň howa we deňiz giňişligine gözegçilik etmek bilen baglydygy beýan edildi.

İki ýurduň rus uçarlaryna garşy gyssagly çäre görmek üçin özara öňünden rugsat alynmazdan howa giňişlikleriniň ulanylmagny biri-birine açjakdyklary nygtaldy.

Ylalaşylan beýleki bir ugruň bolsa esasanda Baltika deňizinde iki ýurda howp emele getirýän rus deňiz asty gämileriniň kesgitlenmegi boýunça ýygy hyzmatdaşlyk etmekdigi habar berildi.

Daniýanyň we Şwesiýanyň Deňiz astynda goranyş söweşi tehnologiýasyna laýyklykda deňizlere bilelikde gözegçilik etjekdigi beýan edildi.


Etiketkalar: #Daniýa , #Şwesiýa , #Russiýa

Degişli Habarlar