Wenesuelada Prezident saýlawy geçirilýär

Wenesuelanyň halky prezident saýlawy üçin ses bermäge başlady

975005
Wenesuelada Prezident saýlawy geçirilýär

Esasy oppozisioner partiýa bolsa saýlawy boýkotlaýar.

Bellige alynan 20 million 500 müň saýlawçysy bolan ýurtda esasy dalaşgärler Nikolas Maduro we Henri Falkon.

Ugo Çawes tarapyndan esaslandyrylan hökümetiň başyndaky partiýanyň dalaşgäri bolan Maduro 2013-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýar.

Ozalky gubernator bolan Hanri Falkon saýlaw wagyzlarynda ýurdyň milli pul birligini üýtgedip, amerikan dollaryna geçjekdigini beýan etdi.

Dünýäniň iň uly nebit ätiýajyna eýe bolmagyna garamazdan Wenesuelanyň ykdysadyýeti çöküp barýar.

Ýurtda 13 müňlik giper inflýasiýa bilen birlikde azyk we derman ýetmezçiligi başdan geçirilýär.

Ähli bu zatlara garamazdan ozal awtobusyň sürüjisi bolan Maduronyň ýene-de 6 ýyllygyna saýlanjakdygy çak edilýär.



Degişli Habarlar