Putin Netanýahu bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 9-nji maý Ýeňiş baýramy bilen baglanşykly dabaralara gatnaşmak üçin ýurdyna sapar bilen gelen Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen duşuşyk geçirdi

967731
Putin Netanýahu bilen duşuşyk geçirdi

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä duşuşykda Ýeňiş güni mynasybetli faşizme garşy göreş we ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Wladimir Putin: “Ýakyn Gündogardaky ýagdaý gynansagam erbet. Diňe maslahatlaşmak däl, eýsem iň bolmanda ýagdaýy ýumşatmak üçin çözgüt tapmak baradaky umydymy bellemek isleýärin” diýdi.

Netanýahu bolsa taryhdan alan derslerini hiç wagt ýatdan çykarmandyklaryny belläp: “Bular ýaly ganhor ideologiýalar ýüze çykan badyna, iň gysga möhletde jogabyny bermelidiris” diýdi.

Putiniň we Netanýahunyň duşuşygy ondan soň bolsa metbugata ýapyk häsýetde dowam etdi.



Degişli Habarlar