Braziliýanyň San-Paulu şäherinde ýangyn ýüze çykan 26 gatly bina çökdi

Braziliýanyň San-Paulu şäherinde ýangyn ýüze çykan 26 gatly binanyň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy

961887
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde ýangyn ýüze çykan 26 gatly bina çökdi

San-Paulu şäherinde öýsüz adamlaryň galýan we başga ýaşaýjysy bolmaýan 26 gatly binada ýerli wagt bilen sagat 01:20-de ýangyn başlady. Ýangyn tiz wagtda binanyň ähli ýeri gaplady we 90 minut soň bina dolulygyna çökdi.  

150-den gowrak ýangyn söndürijiniň gözegçilik astyna almaga synanyşan ýangynda 1 adamyň ýogalandygy aýdylsada, ýangyn söndürijiler çöken binanyň aşagynda has köp adamyň bolmagyna alada bildirýär.

Largo da Paissandu diýilen ýerde ozal ofisler ýerleşen binanyň birnäçe ýyl ozal boşaldylandygy we takmynan öýsüz-öwzarsyz 50 adam tarapyndan ulanylandygy habar berildi.

Binanyň ýerleşýän ýeriniň töwereginde howpsyzlyk çäreleri görüldi, onuň golaýyndaky binalar bolsa boşaldyldy.

Resmiler ýangynyň syçyran goňşy binanyň çökme howpyna sezewar bolmandygyny bellediler.

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady.



Degişli Habarlar