Britaniýanyň İçeri işler ministri wezipesinden çekildi

Britraniýanyň İçeri işler ministrliginiň bosgunlaryň ýurtdan çykarylyş usuly barada mejlise ýalňyş maglumat berendigi ýüze çykan ministr Amber Rudd wezipesinden çekildi

960955
Britaniýanyň İçeri işler ministri wezipesinden çekildi

Ruddyň arzasynyň Premýer ministr Teresa Meý tarapyndan kabul edilendigi habar berildi.

Rudd 2-nji Jahan urşuyndan soň Karaipleriň başda durmagynda ozalky koloniýalaryndan işçi hökmünde ýurda gelen bosgunlaryň zor bilen ýurtdan çykarylmagy sebäpli oppozisiýanyň garşylygyna sezewar bolupdy.

Rudd bosgunlaryň ýurtdan çykarylmagy boýunça ministrlikde belli maksatnamalar bilen bagly mejlisiň derňew toparynyň öňünde “maglumatynyň ýokdugyny” beýan edipdi. Emma işleriň Ruddyň görkezmesine laýyklykda amala aşyrylandygy anyklanypdy.

Soňky gezek Ruddyň bosgunlaryň ýurtdan çykarylmagy baradaky maksatnama barada Premýer ministr Meýe ýazan haty habar beriş serişdeleri tarapyndan gün tertibine gelipdi.

Rudd Britaniýada häkimiýet başyndaky Konserwatiw partiýanyň potensial liderlerinden biri hökmünde tanalýar.

Rudd noýabr aýyndan bäri Meýiň ýolbaşçylyk edýän hökümetinde wezipeden çekilen 4-nji ministr boldy. Mundan ozal Goranmak minstri, Premýer ministriň orunbasary we Bilim ministri wezipeden çekilipdi.

 



Degişli Habarlar