Russiýa: S-400-leriň önümçiligine başlandy

Miheýew Russiýanyň habarlar saýty Sputnike beýanat berdi

958459
Russiýa: S-400-leriň önümçiligine başlandy

Russiýanyň ýarag eksport kärhanasy bolan Rosoboroneksportyň başlygy Aleksandr Miheýew Türkiýe beriljek S-400 raketa goranyş ulgamlarynyň önümçiligine başlandyklaryny habar berdi.

Russiýanyň habarlar saýty Sputnike beýanat beren Miheýew ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmäge başlandyklaryny belläp, tabşyryk işlerine entek başlanmandygyny mälim etdi.

Miheýew: “Önümçilik başlandy. Bu nokatda käbir etaplar bar, meseleler bar. Ähli zat ara alynyp maslahatlaşyldy, jogapkärçiliklerimizi ýerine ýetireris” diýdi.

Russiýanyň goranmak senagaty kärhanasy Rostehiň başlygy Sergeý Çemezow Türkiýäniň Russiýadan 4 sany S-400 raketa goranyş ulgamyny 2,5 milliarda satyn alandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar