Demirgazyk Koreýanyň lideri Hytaýa gynanç bildirdi

Demirgaz Koreýanyň lideri Kim Çen Yn hytaýly 32 turistiň ýogalan we köp sanda adamyň ýaralanan ulag heläkçiliginde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi

957679
Demirgazyk Koreýanyň lideri Hytaýa gynanç bildirdi
Kim Jong-un cinli turistler ziyaret.jpg

Demirgazyk Koreýada geçen hepdäniň soňunda hytaýly turistleri daşaýan awtobus heläkçilige uçrady.

32-si hytaýly bolan 36 adamyň ýogalan ulag heläkçiliginde şeýle hem köp adam ýaralandy.

Wakadan soň Hytaýyň Phenýandaky ilçihanasyna baran Kim Çen Yn ýaralanan adamlaryň bejergi alýan hassahanasyna hem baryp gördi.

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar agentligi KCNA-da berilýän habara görä Kim Çen Yn garaşylmadyk ulag heläkçiligi sebäpli Hytaýa, ýogalan we ýaralanan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar