BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Moskwada saparda boldy

"ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gepleşikler dowam etmeli"

956093
BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Moskwada saparda boldy

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura, ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gepleşikleriň dowam etmelidigini aýtdy.

Russiýanyň paýtagty Moskwada saparda bolan Mistura, Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Mistura geçen hepde ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýada guran howa hüjümine garamazdan Russiýanyň syýasy çözgüt tagallalarynyň dowam etdirilmegi baradaky beýanatyndan hoşaldygyny belledi.

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky harby gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşýandygyny aýdan Mistura, Russiýa bilen ABŞ-nyň çaknyşyklaryň ortadan aýrylmagy üçin edýän tagallasynyň netijelidigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #BMG , #Siriýa , #wekil , #gepleşikler

Degişli Habarlar