Nigeriýada 300 müň çaga mekdeplere gidip bilmeýär

Nigeriýanyň merkezi sebitlerinde 300 müň çaga, çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda dowam edýän çaknyşyklar sebäpli mekdeplere gidip bilmeýär

954761
Nigeriýada 300 müň çaga mekdeplere gidip bilmeýär

Benue welaýatynyň Bilim geňeşiniň baş sekretary Prof. Wilfed Uži welaýatda dowam edýän çaknyşyklaryň çagalaryň bilim almaklaryna ýaramaz täsir ýetirýändigini belledi.

Uži: “Welaýatda 200 müň liseý okuwçylary we 100 müň orta mekdep okuwçysy bolmak bilen jemi 300 müň okuwçy gorkydan ýaňa mekdeplerine gidip bilmeýär” diýdi.

Uži sebitdäki mugallymlaryň hem howp astyndadygyny belledi.


Etiketkalar: #Nigeriýa , #mekdep , #okuwçy

Degişli Habarlar