Fransiýadaky protest ýörişlerine we iş taşlaýyşlara on müňlerçe adam gatnaşdy

CGT-nyň ýolbaşçylygynda “Göreşimizi birleşdireliň” şygary bilen geçirlen ýörişlere we iş taşlaýyşlara uly goldaw berildi

955734
Fransiýadaky protest ýörişlerine we iş taşlaýyşlara on müňlerçe adam gatnaşdy

Fransiýada hökümetiniň reforma we tygşytlylyk syýasatyna garşy 130-dan gowrak şäherde geçirlen protest ýörişlerine we iş taşlaýyşlara on müňlerçe adam gatnaşdy.

Ýurduň iň uly kärdeşler arkalaşygy CGT-nyň ýolbaşçylygynda “Göreşimizi birleşdireliň” şygary bilen geçirlen ýörişlere we iş taşlaýyşlara uly goldaw berildi.

Protest ýörişlerine demirýol, saglygy goraýyş, energetika, bilim we awiasiýa pudagynyň işgärleri bilen talyplar hem gatnaşdy.

Paýtagt Parižde Montparnesse meýdanynda bir ýere jemlenşen demonstrantlara käbir syýasatçylar hem goldaw berdi.

Howpsyzlyk güýçleri ýörişlere 15 müň 300, guramaçylyk komiteti bolsa 45 müň adamyň gatnaşandygyny habar berdi.

Ýurduň çar tarapynda ýokary bilim alýan talyplar hem ýörişlere goldaw berdi.

Dartgynlygyň möwjemegi sebäpli howpsyzlyk güýçleri demonsrantlara garşy gözüňi ýaşadýarýan gaz ulandy.

Ýörişler sebäpli köp sanly iş ýeriniň we awtobus beketleriniň aýnalary döwüldi.

 



Degişli Habarlar