Tramp Kim Ýong-un bilen duşuşmak üçin sabyrsyzlanýar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong-un bilen duşuşmak üçin sabyrsyzlanýandygyny aýtdy

953909
Tramp Kim Ýong-un bilen duşuşmak üçin sabyrsyzlanýar

Resmi sapary bilen ABŞ-na baran Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen Floridadaky Mara Lago köşkünde duşuşan Tramp, geçiren metbugat ýygnagynda Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen meýilleşdirilýän duşuşyk barada maglumat berdi.

Tramp Demirgazyk Koreýa bilen gönüden we ýokary derejeli duşuşyklar geçirmäge başlandyklaryny beýan etdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen iýun aýynyň başynda duşuşyp biljekdigini beýan eden Prezident Tramp, duşuşygyň nirede geçiriljekdigi barada 5 ähtimallygyň bardygyny, henize belli netijä gelinmändigini aýtdy.

Tramp: “Kim Ýong-un bilen duşuşmak üçin sabyrsyzlanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar