Makron: “Agzybirlik üçin din we ynanç azatlygy ykrar edilmeli”

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron: “Agzybir bolmak isleýän bolsak din we ynanç azatlyklary ykrar edilmeli” diýdi

952192
Makron: “Agzybirlik üçin din we ynanç azatlygy ykrar edilmeli”

Makron “BFMTW” we “Mediapart” tarapyndan göni ýaýlyma berilen ýörite gepleşikde žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Ýurtdaky musulmanlar we çadyraly zenanlar baradaky soraga jogap beren Makron, yslam dininiň esasanda bosgunlaryň gelmeginden soň Fransiýada ýaýbaňlanandygyny aýtdy.

Şu günli günde 4,5-6 million aralygynda musulman fransuz raýatynyň bardygyny aýdan Makron; “İlki bilen bu din Fransiýa üçin tazelik diýsek ýalňyşmarys. Taryhda Fransiýanyň Katoliklik, Protestanlyk we ýehudilik bilen gatnaşgy bardy. Köp sanly raýatymyz bu täze faktordan gorkýar. Biz agzybir bolmak isleýän bolsa din we ynanç azatlyklaryny ykrar etmäge mejbur” diýdi.

Fransuz lider şol gorkyny ýüze çykaran radikal akymlaryn bolsa hakyky yslam bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny nygtady.

Makron: “Çadyraly zenany göreniňizde nahili duýgulary başdan geçirýärsiňiz” diýlen soraga; “Hormatlaýaryn” diýip jogap berdi.

Emmanuel Makron Fransiýada oňa sarpa goýulmalydygyny aýtdy.

Fransiýada çadyranyň gadagan edilmeginiň tarapynda durmaýandygyny nygtan Makron, yslam dini bilen adaty fransuz ýaşaýyş durmuşynyň tapawutlyklary barada durup geçdi.

 



Degişli Habarlar