NATO Siriýanyň hökümetine garşy guralan howa hüjümine goldaw berdi

“Bu hüjüm Asadyň Siriýanyň halkyna ýaňadandan himiki hüjüm guramak güýjini azaldar”

951224
NATO Siriýanyň hökümetine garşy guralan howa hüjümine goldaw berdi

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg ABŞ bilen Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýanyň hökümetine degişli himiki ýarag mümkünçiligine eýe bolan ýerlere garşy guran howa hüjümine goldaw berýändiklerini aýtdy.

Stoltenberg mesele barada beren ýazmaça beýanatynda “Bu hüjüm Asadyň Siriýanyň halkyna ýaňadandan himiki hüjüm guramak güýjini azaldar” diýdi.

Stoltenberg NATO-nyň ozal hem Asadyň Siriýada himiki ýarag ulanandygyny ýazgarandygyny ýatlatdy.

Stoltenberg beýanatynda “Himiki ýaraglaryň ulanylmagy kabul edilip bilinmez we jogapkärleri jerimesini çekmelidir. NATO himiki ýaraglaryň ulanylmagyny halkara parahatçylyga abanýan howp hökmünde görýär”diýdi.

 



Degişli Habarlar