Eýran Siriýanyň hökümetine garşy başladyan howa hüjümini ýazgardy

Eýran hüjümiň “sebitleýin netijeleriniň boljakdygy” dogrusynda duýduryş berildi

951174
Eýran Siriýanyň hökümetine garşy başladyan howa hüjümini ýazgardy

Eýran ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Siriýanyň hökümetine garşy başladan howa hüjümini ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hüjümi ýazgarýarys diýildi.

Beýanatda hüjümiň “sebitleýin netijeleriniň boljakdygy” dogrusynda duýduryş berildi.

ABŞ Britaniýa we Fransiýa bilen bilelikde ertiriň irki sagatlarynda Siriýanyň Duma etrabynda geçen hepde guralan we 78 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan himiki ýarag hüjüminden Siriýanyň hökümetiniň jogapkärdigi sebäpli Siriýa garşy howa hüjümini gurady.

 


Etiketkalar: #ýazgardy , #Eýran , #netije

Degişli Habarlar