BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň wekilleri Yrakda, Bangladeşde we Mýanmada saparda bolar

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň wekilleri aprel aýynyň 26-sy bilen maý aýynyň 2-si aralygynda Yrakda, Bangladeşde we Mýanmada saparda bolar

950560
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň wekilleri Yrakda, Bangladeşde we Mýanmada saparda bolar

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužariç metbugata beren beýanatynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalarynyň Mýanma gurajak iş sapary bilen Arakandaky krizise garşy tutum alyp barýandyklaryny görkezýän ýüzlenme bermegine garaşylýandygyny aýtdy.

Dužarriç saparyň mundan başgada halkara jemgyýetçiliniň ünsüni ýaňadandan Mýanmada howpsyzlyk güýçlerinden gaçyp Bangladeşe giden Arakanly musulmanlaryň ýagdaýyna çekmegi maksat edinýändigini belledi.

BMG-na görä, Arakanly musulmanlary nyşana alýan hüjümleriň başlan güni bolan 25-nji awgustdan soň Arakany terk edip Bangladeşe gidenleriň sany 700 müňden geçdi.

Halkara adam hukuklary guramalary hüjümlerde ýüzlerçe obanyň ýok bolandygyny subut etdi.

BMG we halkara adam hukuklary guramalary Arakanly musulmanlara garşy edilýän zulumy “etniki arassaçylyk” ýada “gyrgynçylyk” hökmünde häsiýetlendirýär.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #BMG , #wekil , #Arakan , #musulmanlar

Degişli Habarlar