Ýemenden Saud Arabystanynyň Jazan şäherine balistiki raketa atyldy

Ýemenden düýn Saud Arabystanyna atylan 3 raketa hem täsirsiz ýagdaýa getirlipdi

950752
Ýemenden Saud Arabystanynyň Jazan şäherine balistiki raketa atyldy

Saud Arabystanynyň resmi SPA habarlar gullugynda berlen habara görä, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň metbugat geňeşçisi Turki Al Maliki  “Ýemendäki Eýranyň goldawyny alýan Husiler tarapyndan Jazan şäherine atylan balistiki raketanyň Saud Arabystanynyň howadan goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ýemenden düýn Saud Arabystanyna atylan 3 raketa hem täsirsiz ýagdaýa getirlipdi.

Ýemende häkimiýeti ele geçirmek isleýän Husiler 2014-nji ýyldan bäri paýtagt Sananyň başda durmagynda käbir etraplara gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemende legal hökümete tabynlykdaky güýçlere goldaw berýär.

 

 



Degişli Habarlar