NATO Gündogar Gutada guralan himiki ýarag hüjümini ýazgardy

Stoltenberg “Hüjümiň jogapkärleri jerimesini çekmeli” diýdi

950494
NATO Gündogar Gutada guralan himiki ýarag hüjümini ýazgardy

 

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg "Gündogar Gutanyň Duma etrabynda guralan himiki ýarag hüjümini berk ýazgarýarys” diýdi.

Slowakiýanyň Premýer ministri Peter Pellegriniý bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Stoltenberg “Hüjümiň jogapkärleri jerimesini çekmeli” diýdi we Dumadaky hüjümiň Asada tabynlykdaky güýçleriň we ýaranlary Eýran bilen Russiýanyň iş alyp barýan etrabynda guralandygyny we Siriýanyň hökümetiniň ozal hem himiki ýarag ulanandygyny aýtdy.

Stoltenberg “Siriýanyň hökümetine we ýaranlary Russiýa bilen Eýrana saglygy goraýjylaryň sebitde iş alyp barmaklary üçin amatly şertiň döredilmegi çagyryşyny berýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar