Owganystanyň Şindent etrabynda bombaly hüjüm guraldy

Hadysada 6 adam ýogaldy

948194
Owganystanyň Şindent etrabynda bombaly hüjüm guraldy

 

Owganystanyň Şindent etrabynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 6 adam ýogaldy.

Hyradyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Abdul Ahad Welizadeh 3 tigirli motosikle ýerleşdirilen bombanyň etrabyň merkezinde ýerleşýän ýangyç doldurylýan desganyň golaýynda partladylandygyny habar berdi.

Welizadeh hüjümde 6 adamyň ýogalandygyny, 9 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok.



Degişli Habarlar