Ýaponiýada 6,1 bala barabar ýer titremesi boldy

Tebigy apatda 5 adam ýaralandy

947034
Ýaponiýada 6,1 bala barabar ýer titremesi boldy

“Kýodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy ýer titremesiniň  güýç merkeziniň Şimane sebitiniň Oda şäheri bolan 6,1 bala barabar ýer titremesiniň ýeriň 12 kilometr aşagynda emele geldi.

Ýerli wagt boýunça 01: 32-de bolan ýer titremesinde Oda şäherinde 4, İzumo şäherinde bolsa 1 adam ýaralandy.

Ýer titremesi sebäpli elektrik togy we agyz suwy kesilen Oda şäherindäki käbir binalara zeper ýetdi, ýollarda jaýryklar emele geldi.

Şäherdäki hassahanada suw tankeriniň abatlanmagynda soň hassalara bejergi berildi.

Ýaponiýanyň Ýol gatnawy maglumat merkezi ýer titremesi sebäpli käbir otly gatnawlarynyň bes edilendigini habar berdi.

Resmiler Şimane atom bekediniň kadaly işleýändigini beýan etdiler.

ABŞ-nyň Geologik barlaglar merkezi bolsa ýer titremesiniň ululygynyň 5,6 bala barabardygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar