Germaniýada ýene-de bir metjide hüjüm guraldy

Germaniýada ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň tarapdarlary ýene-de bir metjide hüjüm gurady

947367
Germaniýada ýene-de bir metjide hüjüm guraldy

Hüjümçiler bu gezek bolsa ýurdyň Darmstadt şäherinde ýerleşýän Emir Soltan metjidine hüjüm guradylar.

Hüjümçiler metjidiň diwaryna PKK/PÝD-ÝPG-e degişli şygarlar ýazdylar.

Onuň bilen hem kanagatlanmadyk hüjümçiler daş bilen metjidiň girelgesindäki gapynyň aýnalaryny döwdüler.

Hüjüm bilen baglanşykly hiç kim göz tussaglygyna alynmady.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda Zeýtun şahajygy ady bilen başladan operasiýanyň başyndan Germaniýada hüjüme sezewar bolan metjitleriň sany 40-dan hem geçdi.

Emma şu günki güne çenli diňe 1 hüjüm bilen baglanşykly 7 adam göz tussaglygyna alyndy.


Etiketkalar: #Germaniýa , #metjit , #hüjüm

Degişli Habarlar