BMG Siriýanyň hökümetiniň Gündogar Gutada guran himiki ýarag hüjümini ara alyp maslahatlaşar

Fransiýanyň Daşary işler ministri himimiki ýarag hüjüminden soň Gündogar Gutadaky ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gyssagly jemlenişmegini talap etdi

947067
BMG Siriýanyň hökümetiniň Gündogar Gutada guran himiki ýarag hüjümini ara alyp maslahatlaşar

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýanyň hökümetiniň gabawy astyndaky Gündogar Gutanyň Duma etrabynda guran himiki ýarag hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly jemlenşer.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Fransiýanyň, Britaniýanyň, Gollandiýanyň, Perunyň, Polşanyň, Kuweýdiň we Şwesiýanyň talabyna laýyklykda şu gün adatdan daşary jemlenişmek barada karar aldy.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleý, asuda ilata garşy ýygy-ýygyndan himiki ýaragyň ulanylmaga başlanandygyna ünsi çekdi we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi bir ýere jemlenşip ilkinji nobatda garaşsyz derňew işini gozgamaly we wagşyçylygyň jogapkärlerini tapmaly” diýdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian himimiki ýarag hüjüminden soň Gündogar Gutadaky ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gyssagly jemlenişmegini talap edipdi.

Siriýanyň hökümetiniň Gündogar Gutada oppozisionerleriň gözegçiligindäki soňky nokat bolan Duma etrabynda şenbe güni guran himiki ýarag hüjüminde asuda ialtdan 78 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar