Müsürdäki ulag heläkçiliginde 20 adam ýogaldy
Müsüriň günortasyndaky ulag heläkçiliginde 20 adamyň ýogalandygy habar berildi
Müsüriň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä Suhaj welaýatynyň gubernatory Eýmen Abdulmunim ýurdyň günorta sebitlerini biri-biri bilen birleşdirýän Sähra ýolunyň Suhaj-Aswan diýilen ýerinde 2 ýolagçy awtobus bilen 1 ýük ulagynyň çakyşandygyny, wakada 20 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.
Ulag heläkçiliginde ýaralanan 2 adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny we bejergi alýan hassahanalarynda reanimasiýa bölümine ýatyrylandygy beýan edildi.
Müsür Orta Gündogarda iň köp ulag heläkçiligi bolýan ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň 2015-nji ýylda taýarlan habarnamasyna görä Müsür ýol howpsyzlygy taýdan Arap ýurtlarynyň arasynda 16-njy orunda, dünýäde bolsa 180 ýurdyň arasynda 109 orunda.
Degişli Habarlar
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Sammitde Türkiýä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.