Arap bileleşiginiň wekilleri nobatdan daşary maslahat geçirer

Arap bileleşigi Ysraýylyň hökümetiniň palestinalylara edýän basyşlaryny ara alyp maslahatlaşar

942266
Arap bileleşiginiň wekilleri nobatdan daşary maslahat geçirer

Arap bileleşigi Ysraýylyň hökümetiniň palestinalylara edýän basyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün nobatdan daşary maslahat geçirer

Arap bileleşiginiň baş sekretarynyň Palestinadan jogapkär orunbasary Said Abu Ali beren ýazmaça beýannamasynda maslahatyň Palestinanyň talabyna laýyklykda we Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljekdigini mälim etdi.

Abu Ali maslahatda Palestinanyň ýer gününiň 42-nji ýyllygy mynasybetli anna güni “Beýik dolanyş ýörişi” ady bilen başlan parahatçylykly demonstrasiýalarda Ysraýyl esgerleriniň eden jenaýatlary bilen Palestinada dowam edýän howply wakalaryň seljeriljekdigini beýan etdi.

Arap bileleşiginiň başdan geçirilýän wakalary we Gaza serhedinde 17 palestinalynyň öldürilen wakasy bilen ýakyndan gyzyklanylýandygyna üns çekilýäň beýannamada, halkara jemgyýetçiligi Ysraýylyň şol düzgün bozmalarynyň öňüniň alynmagy we derňew toparynyň döredilmegi boýunça borjuny berjaý etmäge çagyrydy.



Degişli Habarlar