"DAIŞ Siriýa üçin uly howp emele getirýär"

Yragyň Premýer ministri terror guramasy DAIŞ-iň Siriýada uly howp emele getirýändigini aýtdy

942354
"DAIŞ Siriýa üçin uly howp emele getirýär"

 

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi terror guramasy DAIŞ-iň Siriýada uly howp emele getirýändigini aýtdy.

Abady paýtagt Bagdatda hepdelik metbugat ýygnagynda DAIŞ-i ýurtlarynda harby taýdan täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini emma entegem käbir şäherlerde gizlin agzalarynyň bardygyny belledi.

Abady “Yrak-Siriýa serhedinde gözegçiligi üpjün etdik. Emma DAIŞ Siriýa üçin uly howp emele getirýär. DAIŞ-iň ikinji gezek döredilmegine rugsat bermeris”diýdi.

 


Etiketkalar: #Yrak , #Premýer ministr , #howp

Degişli Habarlar