Halkara koalisiýa asuda ilaty öldürendiklerini boýun aldy

Habarnama görä halkara koalisiýa Siriýada we Yrakda guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan 855 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy

939692
Halkara koalisiýa asuda ilaty öldürendiklerini boýun aldy

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýa 2014-nji ýyldan bäri Siriýada we Yrakda guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan 855 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşe 2014-nji ýylda başlan we häzirki wagta çenli dowam etdirýän halkara koalisiýa taýarlan aýlyk habarnamasynda asuda ilat ýitgisi barada möhüm maglumatlar paýlaşdy. 

Habarnama görä halkara koalisiýa Siriýada we Yrakda guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan 855 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.


Etiketkalar: #ABŞ , #asuda ilat , #habarnama

Degişli Habarlar