Müsürde Prezident saýlawlary geçirilýär

Müsürde oppozisiýa tarapyndan boýkot edilen Prezident saýlawlary üçin ses bermek işleri başlandy

937615
Müsürde Prezident saýlawlary geçirilýär

Üç gün dowam etjek ses bermek işleri ýerli wagt bilen sagat 09:00-da başlady.

Saýlawda ýurdyň Prezidenti Abdulfettah El-Sisi bilen Ertir partiýasynyň başlygy Musa Mustafa Musa bäsleşýär.

Milli saýlaw geňeşiniň berýän hasabatyna görä ýurdyň içinde we daşary ýurtda bellige alynan jemi 59 million 78 müň 138 saýlawçy bar.

Saýlawçylar 13 müň 687 saýlaw uçastogynda ses berýär.

18 müň 678 kazyýet işgäri tarapyndan gözegçilik edilýän saýlawlarda 103 müň işgär iş alyp barýar.

Saýlawlara 54 ýerli we 9 daşary ýurt gurama bilen birlikde daşary ýurtly 680 metbugat işgäri syn edýär.

Saýlawçylar 27 welaýatyň ählisinde ses berip bilýär.

Müsürli saýlwaçylar 26, 27 we 28-nji martda üç günüň dowamynda ses bererler. Dolanşyk gatnaşygyň ýokary bolmagy üçin saýlwaçylary ses bermäge höweslendirýär.

Emma Musulman doganlar guramasy başda bolmak bilen ýurtdaky oppozision partiýalaryň we toparlaryň ählisi diýen ýaly saýlawlary boýkot edýär.

Oppozisionerler Ertir partiýasynyň başlygy Musany ýurdyň ýolbaşçylary tarapyndan saýlanan görkezmelik dalaşgär hökmünde häsýetlendirýär.

Saýlawy Prezident Sisiniň ilkinji tapgyrda we uly tapawut bilen gazanmagyna garaşylýar.

Saýlawlaryň netijeleriniň 2-nji aprelde aýan edilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar