Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň teklibini kabul etdi
Günorta Koreýanyň Birleşme ministrligi Demirgazyk Koreýa we Günorta Koreýa degişli wekiliýetleriň 29-njy martda duşuşyk geçirjekdigini habar berdi
937008
![Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň teklibini kabul etdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/012d/c0b4/19b9/5abb4016a5265.jpg?time=1719018098)
Günorta Koreýanyň Birleşme ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä Demirgazyk Koreýanyň Parahatçylykly ýaňadandan birleşme komitediniň başlygy Ri Son-Gwonyň ýolbaşçylygyndaky 3 adamdan ybarat wekiliýet 29-njy martda serhetdäki Panmynçžon obasynda Günorta Koreýanyň resmileri bilen duşuşar.
Ministrlik tarapyndan mesele bilen bagly berilen beýanatda: “Şu gün irden Panmynçžondaky aragatnaşyk kanallaryň üsti bilen Demirgazyk Koreýadan Koreýa bilen baglanşykly ýokary derejeli gepleşikler geçirmek baradaky teklibimiziň tassyklamasyny aldyk” diýildi.