ÝB Russiýadaky ilçisini yzyna çagyrdy

Ozalky içaly Sergeý Skripal bilen gyzy Ýuliýanyň 4-nji martda Britaniýada zäherlenmegi meselesinde Londony goldaýan ÝB Russiýa garşy diplomatik çäre gördi

936096
ÝB Russiýadaky ilçisini yzyna çagyrdy

ÝB liderleri Russiýadaky ilçisini geňeşmeler üçin yzyna çagyrmak barada karara geldiler.

Skripal bilen gyzynyň myşsa gazy bilen zäherlenmeginden soň Britaniýa bilen Russiýanyň arasynda ýüze çykan dartgynlyk düýn ÝB-niň liderleriniň düýn Brýusselde geçiren maslahatynda hem gün tertibine geldi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri Britaniýa bilen “doly arkalaşýandyklaryny” beýan edip, rus içala guralan hüjümden “Russiýanyň jogapkärdigini”, “başga mantykly düşündirişiň bolup bilmejekdigini” beýan etdiler.

Gollandiýanyň Premýer ministri Mart Rutte bolsa “netijeleri utgaşdyrmak” üçin ÝB-niň Russiýadaky ilçisini geňeşmeler geçirmek boýunça yzyna çagyrmak barada karara gelendiklerini beýan etdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bolsa Russiýa garşy başgaça çäreleriň görülip bilinjekdigini nygtady.

ÝB-niň Fransuz habarlar gullugy “AFP-ä” beýannama beren resmilerinden biri bolsa; “ÝB-ne agza käbir ýurtlar rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmagy ýa-da Russiýadaky diplomatlaryny yzyna çagyrmagy meýilleşdirýär” diýdi.

Habarlar gullugy rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmaga taýar bolan ýurtlaryň hatarynda Fransiýanyň we Litwanyň bardygyny habar berdi.



Degişli Habarlar