“Türkiýe bilen Munbiç meselesinde gepleşikler dowam edýär”

“Türkiýe bilen Munbiç meselesinde geçirýän gepleşiklerimiz dowam edýär. Gepleşiklerde ylalaşyk gazanylmagy üçin tagalla edýäris”

931070
“Türkiýe bilen Munbiç meselesinde gepleşikler dowam edýär”

 

ABŞ  Türkiýe bilen Siriýanyň Munbiç etraby meselesinde ylalaşyk gazanylmagy maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert gündelik metbugat ýygnagynda Türk ýaragly güýçleriniň  Siriýanyň Afrin etrabyna ornaşan terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy we Munbiç meselesinde gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Nauert “Türkiýe bilen Munbiç meselesinde geçirýän gepleşiklerimiz dowam edýär. Gepleşiklerde ylalaşyk gazanylmagy üçin tagalla edýäris” diýdi.

Nauert Afrin hakyndaky soraga “Bilşiňiz ýaly biz Afrinde operasiýa geçirmeýäris we Afrin biziň operasiýa zolagymyza degişli däl” diýip jogap berdi.

Amerikaly ýokary derejeli ýolbaşçylardan biri hem iki ýurduň wekiliýetiniň arasynda 19-njy martda geçirilmegi meýilleşdirlen Siriýa temaly maslahatyň yza süýşürlendigini we 21-nji martda geçiriljekdigini habar berdi.

 



Degişli Habarlar