Donald Tramp Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen duşuşar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen 20-nji martda Ak Tamda duşuşar

928335
Donald Tramp Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen duşuşar

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders geçiren gündelik metbugat ýygnagynda Trampyň Selman bilen geçirjek duşuşygy bilen bagly beýanat berdi.

Sanders: “Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman 20-nji martda Prezident Tramp bilen Ak Tamda duşuşyk geçirer” diýip belledi.

Amerikada eýýäm ençeme wagt bäri Muhammed Bin Selmanyň ABŞ-e sapar gurajakdygy barada gürrüň edilýärdi, emma saparyň haçan guraljakdygy bilinenokdy.

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman geçen hepde Britaniýa sapar gurapdy we ýurdyň Premýer ministri Tereza Meý bilen duşuşypdy.

Muhammed bin Selman Britaniýa saparynda şeyle hem ýurdyň Şa zenany II Ýelizaweta, Angliýanyň Mirasdar Şazadasy Çarlz we Kembridžiň gersogy Şazada William bilen duşuşyklar geçiripdi.



Degişli Habarlar