Tramp geljek aý Latyn Amerika ýurtlaryna sapar gurar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geljek aý Latyn Amerika ýurtlaryna sapar gurar

927508
Tramp geljek aý Latyn Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýanatda Trampyň ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde Latyn Amerika ýurtlaryna gurajak ilkinji saparynyň çäginde Peruda we Kolumbiýada saparda boljakdygy nygtaldy.

Beýanatda Trampyň Perunyň paýtagty Limada aprel aýynyň 13-14-i aralygynda geçiriljek “Amerikalylar” maslahatyna gatnaşjakdygy we Perunyň Prezidenti bilen duşuşjakdygy bellenildi.

Perudan soň Kolumbiýa barjak Trampyň Prezidenti Maneul Santos bilen duşuşjakdygy ýatladyldy.

Trampyň resmi saparynyň çäginde ABŞ bilen Latyn Amerika ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady, medeni we taryhy gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar