Makron Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki lider soňky günlerde ABŞ bilen ÝB-niň arasynda nägilelige sebäp bolan halkara söwda meselesi hakynda hem pikir alyşdy

926606
Makron Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele barasynda Fransiýa tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Makronyň ABŞ-niň lideri Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi ýatladyldy.

Makronyň telefon söhbetdeşliginde düýn Ak Tam tarapyndan berlen we ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimiň maý aýynyň ahyryna çenli duşuşjakdygy hakyndaky beýanata hoşallyk bildirendigi nygtaldy.

Fransuz lider halkara jemgyýetçiliginiň Koreýa Ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy meselesinde gepleşik geçirilmegi üçin birlikde hereket etmelidigine ünsi çekdi.

Iki lider soňky günlerde ABŞ bilen ÝB-niň arasynda nägilelige sebäp bolan halkara söwda meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Makron halkara söwda kadalaryna laýyklykda hereket etmegiň möhümdigini belledi.

Makron ABŞ-nyň polada we alýumine goýan goşmaça salgydygyna alada bildirýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar