Gündogar Guta ikä bölündi

Siriýada hökümet we onuň ýaranlary gabaw astyndaky Gündogar Gutany güýçli hüjüm bilen ikä böldi

926060
Gündogar Guta ikä bölündi

Siriýada hökümet we onuň ýaranlary gabaw astyndaky Gündogar Gutany güýçli hüjüm bilen ikä böldi

Hökümet güýçleri we ýaranlary 3-nji martda BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 24-nji fewralda kabul eden kararyny bozup, Russiýanyň goldaw bermeginde hüjüme başlapdy.

Gündogardan günbatar tarap barýan hökümete degişli güýçler Gündogar Gutanyň iki tarapyny birleşdirýäň Misraba etrapçasyndan Arasta etrabyna çenli barýan 1 kilometrlik ýola hüjüm gurap, Gündogar Gutany ikä böldi.

Gündogar Gutadaky oppozision güýçleri hökümetiň hüjümlerine degdim-gaçdym gaýtawul görkezýär.

BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi 24-nji fewralda kabul eden kararynda Gündogar Gutanyň başda durmagynda Siriýanyň ähli ýerinde asuda ilat üçin hüjümleriň bes edilmegini isläpdi.

Emma “dessine” iş ýüzüne geçirilmegine höküm edilýän ylalaşygyň nähili başlajakdygy näbelli bolupdy.

Russiýa Howpsyzlyk Geňeşiniň kararyndan soň 27-nji fewralda hüjümleriň her gün ýerli wagt boýunça sagat 09:00-dan 14:00-a çenli dowam etjek görnüşde başlandygyny yglan edip, hökümetiň ony berjaý etjekdigini öňe sürüpdi.

Oppozisionerleriň gözegçiligindäki Gündogar Gutada 400 müňe golaý adam 5 ýyldan bäri gabaw astynda ýaşaýar.

 



Degişli Habarlar