Asad ynsanperwer kömegini bökdemäge dowam edýär

Gündogar Guta düýn ugradylmagyna garaşylýan ynsanperwer kömek kerweniniň hüjümler sebäpli ýola çykyp bilmedi

925906
Asad ynsanperwer kömegini bökdemäge dowam edýär

 

BMG Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gabawy astynda bolan Gündogar Guta düýn ugradylmagyna garaşylýan ynsanperwer kömek kerweniniň hüjümler sebäpli ýola çykyp bilmändigini habar berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň ynsanperwer kömek kerwenlerine rugsat berilmegi üçin düýn beren çagyryşyna garamazdan Asada tabynlykdaky güýçleriň yzygiderli hüjümleri sebäpli ynsanperwer kömek kerweni Gündogar Guta baryp bilmedi.

Beýanatda “BMG şu gün hem Gündogar Guta girip bilmedi emma BMG Siriýada Duma etrabyna we gabaw astyndaky beýleki ýerlerdäki halka kömek bermek üçin taýar”diýildi.

Beýanatda BMG-nyň ynsanperwer kömek kerwenleriniň Gündogar Guta girmegi üçin amatly şertiň döredilmegi çagyrşy berildi.

 



Degişli Habarlar