“PKK-a garşy Yragyň hökümeti bilen umumy operasiýa geçireris”

Mewlüt Çawuşogly operasiýanyň Yrakda 12-nji maýda geçiriljek saýlwalardan soň guraljakdygyny duýdurdy

925484
“PKK-a garşy Yragyň hökümeti bilen umumy operasiýa geçireris”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Yragyň hökümeti bilen serhedaşa umumy operasiýanyň guraljakdygyny habar berdi.

Awstriýada saparda bolýan Mewlüt Çawuşogly: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasy maý aýynyň ahyryna çenli tamamlanar. Yrakda hem ekstremist terror guramasy PKK-a garşy serhedaşa operasiýa guralar, Yragyň merkezi hökümedi bilen bilelikde geçireris. Afrin operasiýasy tamamlanmasada iki operasiýany bilelikde alyp barjak kuwwada eýediris” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-nyň ozalky egindeş baştutany Salih Müslim bilen baglanşykly bolsa Müslimiň Şwesiýadadygyny we şol ýurda wagtlaýyn tussag edilmegi üçin talap bildirendiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar