Tramp bilen Meý Gündogar Guta barada pikir alyşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

922732
Tramp bilen Meý Gündogar Guta barada pikir alyşdy

Mesele barasynda berlen ýazmaça beýanatda Tramp bilen Meýiň telefon söhbetdeşliginde Gündogar Gutadaky adamzat pajygasy barada pikir alyşandygy nygtaldy.

Gündogar Gutada ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygyny nygtan iki lideriň bu meselede Siriýanyň hökümetine we oňa goldaw berýän Russiýa uly jogapkärçiligiň düşýändigine ünsi çekendigi bellenildi.

Meý bilen Tramp Russiýanyň we Siriýanyň hökümetine sözü geçýän beýleki ýurtlaryň Gündogar Gutadaky hüjümleriň bes edilmegi we asuda ilatyň goralmagy üçin gyssagly herekete geçmelidigini nygtady.

Britaniýanyň Premýer ministri Trampyň polada we alýumine goýjak täze gümrük salgydyna alada bildirýändiklerini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar